Medeni täzelikler

Her aýda Türkmenistandaky Fransuz Institutynda we onuň daşynda gurnalýan dürli çäreleri hödürleýär: kino kluby, stolyň üstündäki oýunlar, fransuzlar bilen tegelek stollar, şäheriň daşyna gezelençler, karaoke kružogy, žurnalistika, (...)
  • Fransiýa we Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygyny bellemek üçin 3-nji martda Aşgabatda Arar duetiniň konserti

    2017-nji ýylyň 3-nji martynda, agşamara, Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen Türkmenistanyň Fransuz instituty, 1992-nji ýylyň 6-njy martynda ýola goýulan, Fransiýa we Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygyny saz bilen bellemek üçin Türkmenistanyň abraýly Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Arar duetiniň konsertini gurnadylar. Bu konsert Türkmenistanyň Mediýet ministrligi bilen hyzmatdaşlykda, Thales we Total fransuz kompaniýalarynyň maliýe ýardamy bilen geçirildi. Lyonyň abraýly saz we tans milli konserwatoriýasynyň diplomyny alan iki sazanda, pianinoçy Jodyline Gallavardin we skripkaçy Alexis Rousseau ussatlarça, uly lezzet paýlap, pýanino we skripka üçin César Franckyň, Maurice Raveliň sonatalaryny, şeýle hem, Türkmenistanyň hormatyna, Nury Halmämmedowyň « Nar agajy » eserini ýerine ýetirdiler.

    Dowamyny okamak

  • Frankofoniýa bäsleşigi 2017

    Bäsleşik 3 kategoriýa boyunça : ýazmaça, terjime we aydym.
    Her bäsleşigiň baş baýragy: Fransuz institutynda bir ýyllyk mugt okuw( 3 sessiýa).
    Ýazylyşyk: 2017-nji ýylyň 13-24 fewral aralygy
    Jemleýji tapgyr 8-nji aprelda Frankofoniýa baýramçylygynda geçiriler.

    Dowamyny okamak

Sahypanyň ýokarysy