Ykdysady diplomatiýa

  • « Diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygyny, ykdysady gatnaşyklaryň 25 ýyllygyny » bellemek üçin 2017-nji ýylyň 3-nji martynda Aşgabatda FTSP-yň sergisi

    3-nji martda anna güni irden Ilçi Fransiýa - Türkmenistan Söwda palatasynyň gurnan, « syýasy gatnaşyklaryň 25 ýyllygy, ykdysady gatnaşyklaryň 25 ýyllygy » temasy boýunça gurnan sergisiniň açylyş dabarasynda gatnaşdy. Türkmenistanyň söwda-senagat palatasynyň binasynda görkezilýän, 10-njy marta çenli açyk bolan sergi fransuz kompaniýalarynyň Türkmenistanda onuň Garaşsyzlygyndan soň bitiren işlerine bagyşlanýar. 1992-nji ýylyň 6-njy martynda franko-türkmen diplomatik gatnaşyklary ýola goýuldy.

    Dowamyny okamak

  • Claas grupbasynyň fransuz filiýalyna Ilçiniň sapary, Vélizy, 2017-nji ýylyň 8-nji fewraly

    2003-nji ýylda Renault Agricultury satyn alan oba hojalyk tehnikasy boýunça Claas nemes kompaniýasynyň Vélizy fransuz filiýalyna 8-nji fewralda Ilçi bardy. Öňki Renault traktor we häzirki Mans de Claas zawody Türkmenistana eýýäm birnäçe ýuzlerçe traktorlary getirdi.

    Dowamyny okamak

  • Fransiýa - Türkmenistan Söwda palatasynyň agzalary bilen Ilçiniň duşuşygy, Pariž, 2017-nji ýylyň 7-nji fewraly

    Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary Ilçileriniň her ýyldaky geçirilýän sebit ýygnagyna gatnaşmak üçin Parižde bolanynda, sişenbe güni 2017-nji ýylyň 7-nji fewralynda Fransiýa - Türkmenistan Söwda palatasynda Ilçi kabul edildi. Bu duşuşyk Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryň jemini jemlemäge we 2017-nji ýyldaky ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň perspektiwalaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.

    Dowamyny okamak

  • « La Tartine » brendiniň eýeleriniň sapary, 2016-njy ýylyň 25-28 noýabry.

    Öz türkmen partnýorlarynyň çakylygy bilen Jenap Antuan Ubedin we Aleksandr Ubedin noýabr aýynyň 25-28-i aralykda Türkmenistana sapar bilen geldiler. Olar bu brendi ulanmaga hukuk alan, Berkarar söwda merkezinde işleýän magaziniň « açylyşyndan soňky sapar » birinji gezek saparda boldular.

    Şu mynasybetli, Jenap Antuan Ubedini we Aleksandr Ubedini Jenap Ilçi kabul etdi we onuň bilen olar öz franşizlerini Türkmenistanda ösdürmegiň gelejegini ara alyp maslahatlaşdylar .

    Ertesi güni olar « La Tartine » magazininde we çaý salonynda önümi prezentasiýa etmekde, publikany kabul etmekde we satuw tehnikasynda fransuz nou-hau boýunça sapak geçdiler. Jenap Antuan Ubedin we Aleksandr Ubedin bu ýerdäki toparyň umumy derejesinden kanagatlanýandygyny beýan etdiler we olary gyzgyn gutladylar.

    Öz işlerini giňeltmek, Türkmenistanda olaryň ýazgysy bilen täze açyşlar etmek maksady bilen, olar Aşgabatda we welaýatlarda başga obýektlere aýlandylar.

    Dowamyny okamak

  • MEDEF-International-yň Fransiýa-Türkmenistan kärhanalar başlyklarynyň Maslahatynda Ilçiniň audiýensiýasy (2016-njy ýylyň 16-njy noýabry)

    Jenap Oliwýe-Mari Rasiniň (Bouygues Construction international) başlyklyk etmegindäki MEDEF-International-yň Fransiýa-Türkmenistan kärhanalar başlyklarynyň Maslahaty penşenbe güni 16-njy noýabrda Ilçini kabul etdi. Ilçi Türkmenistanyň täzelikleri we iki taraplaýyn gatnaşyklar barada tanyşdyrdy, soňra Maslahatyň agzalary bilen özara pikir alyşdy. Soňra ol Türkmenistanda eýýäm işleýän ýa-da işlemek isleýän fransuz kärhanalarynyň wekilleri bilen onlarça iki taraply duşuşyklar geçirdi. Baş gazna müdirliginiň ofisiniň Başlygy Jenap Žülýen Büsar Ikitaraplaýyn işler we kärhanalary halkaralaşdyrma bölüminiň Başlygy Hanym Sandrin Godeniň sentýabr aýynyň soňundaky missiýasynyň netijeleri barada Maslahatyň agzalaryna öz nobatynda hasabat berdi.

    Dowamyny okamak

  • Baş gazna müdirliginiň bölüm müdiri Hanym Godeniň Türkmenistana bolan missiýasy

    Ykdysady we maliýe ministrliginiň (Baş gazna müdirligi) we Daşary işleri we halkara ösüş ministrliginiň (kontinental Ýewropa müdirligi) wekillerinden düzülen delegasiýa 2016-njy ýylyň sentýabr aýynyň 28-30 aralygynda Fransiýa bilen Türkmenistanyň ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabada geldi. Delegasiýa Baş gazna müdirliginiň Ikitaraplaýyn işler we Baş gazna müdirliginiň şeretlerini halkaralaşdyrma bölüminiň başlygy Hanym Sandrin Goden ýolbaşçylyk etdi. Ilçi we delegasiýa köp ministrliklerde we Türkmenistanyň edaralarynda, Türkmenistanyň telekeçiler we senagatçylar birleşiginiň başlygy tarapyndan kabul edildi. Olar Aşgabatda Halkara maliýe institutlarynyň wekilleri bilen, şeýle hem fransuz işewürleriniň agzalary bilen duşuşdylar.

    Dowamyny okamak

  • Ilçiniň SPFT tarapyndan kabul edilmegi

    2016-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda, anna güni, Parižde Söwda palatasynyň Fransiýa – Türkmenistan adaty umumy ýygnagyna Ilçi myhman hökmünde gatnaşdy. Iki taraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň ýagdaýy we olaryň gelejegi barada peýdaly ara alyp maslahatlaşmalara mümkinçilik beren bu duşuşyga Daşary işleri we halkara ösüş ministrliginiň Kawkaz we Merkezi aziýa bölüminiň direktorynyň täze orunbasary Jenap Nikola Buýýan de Lakost we Baş gazna müdirliginiň sebit boýunça täze ýolbaşçysy Hanym Lüsi Minýer gatnaşdy.

    Dowamyny okamak

  • Onuň Alyhezreti Jenap Raşid MEREDOW MEDEF International-da

    Daşary işleri we halkara ösüş Ministri Jenap Loran FABÝUSYŇ çakylygy bilen, özüniň Fransiýa bolan saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Orunbasary we Daşary işleri Ministri, Onuň Alyhezreti Jenap Raşid MEREDOW, 2015-nji ýylyň 16-njy iýulynda, Jenap Iw TIBO de SILGINIŇ başlyklygyndaky MEDEF International-da Jenap Žil REMINIŇ gatnaşmagynda kabul edildi. Ol ýerde ol kyrka golaý fransuz kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy we olaryň öňünde Türkmenistan we onuň esasy ykdysady ugurlary baradaky prezentasiýasy bilen çykyş etdi. Jenap MEREDOWYŇ ýanynda Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçisi, Onuň Alyhezreti Jenap Çary NIÝAZOW hem boldy.

    Dowamyny okamak

  • Ykdysady diplomatiýa: aýna we aýna önümlerini öndürýän kärhana

    FIVES STEIN fransuz kompaniýasy Türkmenistanda aýna we aýna önümlerini öndürýän kärhanany gurmagyň çäklerinde hyzmatdaşlyga başlady (ser. Turkmenistan National Glass Complex). 2012-nji ýylda ýola goýulan hut şu hyzmatdaşlygyň netijesinde, Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň talaplaryny kanagatlandyryp bilýän proýekt işlenip düzüldi we görkezildi.

    Häzirki wagtda FIVES STEIN kompaniýasynyň 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda tamamlanmaly proýektiň durmuşa geçirilmegine gysga möhletlerde girişmägä mümkinçiligi bardyr.

    Bu proýektiň Türkmenistan üçin uly ykdysady ähmiýeti bolar we oňa belli bir senagat pudagynda öz üpjünçiligini gazanmaga mümkinçilik berer. Iş ýerlerini döretmek bilen, aýna zawodynyň gurulmagynyň peýdaly sosial täsiri hem bolar. Galyberse-de, FIVES STEIN kompaniýasy senagat önüminiň öndürilmegine ýardam etjek okatma we geljekde Türkmenistan üçin bähbitli tejribäni goýma işlerini amala aşyrar.

    Özüniň tehnologik mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, FIVES STEIN kompaniýasy iň ýokary hil standartlary bilen üpjün etmäge ukyplydyr.

    FIVES STEIN kompaniýasynyň gatnaşmak isleýän aýna we aýna önümlerini öndürýän kärhanany gurmak proýekti fransuz häkimiýetleri tarapyndan doly goldanýar. Türkmenistandaky Fransiýanyň Ilçisi FIVES STEIN kompaniýasynyň wekilleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Senagat ministri bilen duşuşdy (ser. goşulan surat).

    Dowamyny okamak

  • Ykdysady diplomatiýa / Älem : TürkmenÄlem 52° E

    Ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasy « Türkmen Älem 52° E » Kannada (Fransiýa) Thales Alenia Space kompaniýasy tarapyndan guruldy we 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde 4 sagat 03 minutda (Türkmenistan wagty bilen) üstünlikli älem giňişligine çykaryldy.

    Hemrany orbita çykarma boýunça tamamlaýjy işler netijeli alynyp barylýar. Maý aýynyň 6-syndan 7-ne geçilýän gije hemra Aşgabadyň golaýynda ýerleşýän Dolandyryş merkeziniň dolandyrmagyna berildi. Hemra özüniň tamamlaýjy pozisiýasyna, gündogar uzaklygynyň 52° gradusuna, barar. Soňra, gutarnykly işe girizmeden öň, orbitada testler geçiriler.

    Ahli fazalary entek tamamlanmadyk bu uçuş, Türkmenistan bilen iň täze tehnologiýalar pudagynda hyzmatdaşlyk etmekde örän gowy perspektiwalary açýar.

    Dowamyny okamak

Sahypanyň ýokarysy