Biz bilen Şandelör fransuz baýramçylygyny bellemäge geliň (dynç güni 2-nji fewral)

Dynç güni 2-nji fewralda, sagat 14 :00-da Türkmenistandaky Fransuz medeni merkezine Şandelör fransuz baýramçylygyny bellemäge geliň!

Öýde bişiren blinleriňizi alyp geliň (aşakdaky resepti görüň), filmleri görenimizden soňra, blinlerimizi hemmämiz bilelikde paýlaşarys !

Ýeri : Türkmenistandaky Fransuz medeni merkezi

Kino-klubynyň programmasy:

Fransuzlaryňky ýaly , William Lorton, Emmanuel Lelö, Hsu Ren-Hsien, Žulien Hazebruk, Morrigan Boaýýe

Dowamlylygy : 7min

Lui XIV döwrüniň, Wersaldaky bir öýläni.
JPEG

Hanym Kiki we Montparnos dagylar, Ameli Arro

Dowamlylygy : 15min

Kiki de Montparnass XX asyryň başynyň beýik awangardist suratkeşleriniň soýgüli ylhamydy. Montparnass gülleýän döwrüniň hakyky şaýady bolmak bilen, ol adaty naturaçy aýal işini taşlamaly diýen karara gelýär we meşhur gijeki artistka, suratkeş-illustrator, ýazyjy we kabare aýdymçysy bolýar.
JPEG

Birinji ädim , Jonatan Lenüýö-Komnen

Dowamlylygy : 20min

On iki ýaşly Saşa ýekelikdäki buzda taýmak bilen meşgullanýar.
Kakasy ony uly yhlas bilen türgenleşdirýär.
Emma, Saşa aşyk bolýar we diňe bir zat hakda arzuw edýär : Rebekka bilen bilelikde buzuň ünstünde sport tanslaryny etmek.
Žýüriniň ýörite prizi – Walensiýada geçen 13-nji halkara festiwal.
JPEG

Blinleriň resepti:

Taýýarlama : 15 min

Bişirme : 10 min

4 adam üçin ingrediýentler :

400g un

1 çümmük duz

1/2 paket drož

3 aşhana çemçe rom

15 ml suw we süýt

4 ýumurtga

2 aşhana çemçe şeker pudry

2 wanil şeker pakedi

Taýýarlama :

Uny gaba guýuň, süýt goşuň we mikserde garyň.
Bir çümmük duz we 4 ýumurtga goşuň, hemmesini garyň.
Drož we wanil şekerini goşuň, garyşdyryň, soňra rom we şeker pudruny goşuň.
Taýýarlamazdan öň hamyra 30 minut dem beriň. Blinleri bişiriň we şeker, warenýe ýa-da ownadylan şokolad bilen saçaga beriň.

Çap edilen 10/10/2014

Sahypanyň ýokarysy