Franko-türkmen arheologik missiýasy baýrak aldy [fr] [ru]

Fransiýanyň institutynyň Simon we Çino del Duka fondy 2012-nji ýylyň arheologiýa boýunça Baýragyny Ulug-depedäki franko-türkmen arheologik ekspedisiýasyna berdi. 200 müň ýewro bolan bu baýrak 2012-nji ýylyň 6-njy iýunynda Fransiýanyň institutynyň gümmezli binasynda ekspedisiýanyň başlygy Oliwýe Lekonta gowşurylar.

Fransiýanyň ýazgylar we çeper edebiýat akademiýasynyň agzalaryndan we hünärmenlerinden düzülen žüriler Ulug-depedäki ekspedisiýa bu baýragy bermek bilen, ýadygärligi özleşdirme boýunça işleri, şeýlede Ulug-depäni saklama meselelerini ilerlemegi höweslendirmek islediler. Merkezi Aziýanyň günortasynda we eýran platosynda gadym zamandaky ýutlaryň arasyndaky gatnaşyklary öwrenýän has uly proýektiň bölegi bolup durýan bu gazuw işleri gadymy gündogar siwilizasiýalyny öwrenmekde hakyky açyş boldy.

Şeýle hem Fransiýanyň institutynyň fondynyň Gran-pri baýragyny gowşurma dabarasyna bagyşlanan saýt bilen tanyş bolmaga biz sizi çagyrýarys.

Çap edilen 02/05/2014

Sahypanyň ýokarysy