Fransiýa – Türkmenistan : ýeňiji topar [fr] [ru]

2014-nji ýylyň 3-nji aprelinde Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi, Pýer Lebowiç, uly sport çäreleri boýunça Ilçi Žaň Lewi sporta we 2017-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek Aziýa oýunlaryna bagyşlanyp « Sergi köşgünde » geçirilen ýarmarka-serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Pierre LEBOVICS, Ambassadeur de France au Turkménistan, M. TOYLIEV, Vice-Président du Cabinet des Ministres du Turkménistan, M. Jean LEVY, Ambassadeur pour les grands événéments sportifs - JPEG

6 fransuz kompaniýalary (Lagardère unlimited, Gregori International, Gerflor, Bailly prestige, ISP Tennis academy we Clipso) dürli pudaklarda öz başarnyklaryny görkezmek maksady bilen sergä gatnaşdylar. Sergide kompaniýalaryň wekilleri UBIFRANCE agenstwasynyň wekili bilen bilelikde potensiýal partnýorlar bilen duşuşdylar.

7-nji aprelde uly sport çäreleri boýunça Ilçi Jenap Žaň Lewini Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi. Ondan oň ol Türkmenistanyň Daşary işleri Ministri Raşid Meredow we sporty ösdürmek boýunça Türkmenistanyň organizasiýalarynyň birnäçe wekilleri bilen duşuşdy. Bu duşuşuklar Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça köpsanly mümkinçilikler barada pikir alyşmaga mümkinçilik berdiler.

Çap edilen 10/10/2014

Sahypanyň ýokarysy