Fransiýa we Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygyny bellemek üçin 3-nji martda Aşgabatda Arar duetiniň konserti [fr] [ru]

2017-nji ýylyň 3-nji martynda, agşamara, Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen Türkmenistanyň Fransuz instituty, 1992-nji ýylyň 6-njy martynda ýola goýulan, Fransiýa we Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygyny saz bilen bellemek üçin Türkmenistanyň abraýly Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Arar duetiniň konsertini gurnadylar. Bu konsert Türkmenistanyň Mediýet ministrligi bilen hyzmatdaşlykda, Thales we Total fransuz kompaniýalarynyň maliýe ýardamy bilen geçirildi. Lyonyň abraýly saz we tans milli konserwatoriýasynyň diplomyny alan iki sazanda, pianinoçy Jodyline Gallavardin we skripkaçy Alexis Rousseau ussatlarça, uly lezzet paýlap, pýanino we skripka üçin César Franckyň, Maurice Raveliň sonatalaryny, şeýle hem, Türkmenistanyň hormatyna, Nury Halmämmedowyň « Nar agajy » eserini ýerine ýetirdiler.

JPEG
JPEG
JPEG
JPEG

Çap edilen 06/03/2017

Sahypanyň ýokarysy