Fransuz institutyna nähili ýazylmaly ? [fr]

Fransuz institutyna nähili ýazylmaly?

Fransuz okuw jaýlarynyň hemmesinde diýen ýaly habarlaşmak we ýazylmak üçin internet saýdy bar. Her bir uniwersitetiň öz okuw kalendarlarynyň barlygyna üns beriň.

Eger siz Fransiýanyň ýokary okuw boýunça uniwersitetde lisenziýat derejesiniň 1-nji we 2-nji ýylyna, saglyk boýunça umumy birinji ýylynda (medisina, dermanhana, stomotologiýa we akuşer) ýa-da milli arhitektura mekdebiniň 1-nji ýylyna okuwa girmek isleseňiz, siz öňünden kabul etme resminamasyny (DAP) Türkmenistandaky Fransiýanyň Ilçihanasynyň medeni işleri bölümine tabşyrmaly bolýaňyz. Agzalan resminamalary kabul etme her ýylyň ýanwar aýynda başlaýar we hökmany bellenen senelerde tabşyrmagy talap edýär.

Birnäçe okuw jaýlary bilen habarlaşmak gerekmy?

Birbada 3 okuw jaýyna ýazylma resminamasy bilen ýüz tutmak maslahat berilýär.

Kabir okuw jaýlarynyň kabul edip biljek talyplarynyň sanyndanda köp ýazylma resminamalaryny alýandygyny siz bilmelisiňiz.

Okuw jaýlary haçan jogap berýärler?

Okuw jaýlary oktýabr aýynyň başynda başlanjak okuwlar üçin iýun aýynyň 15-den sentýabr aýynyň 15-i aralykda jogap berýärler.

Bu diýildigi, käbir ýagdaýlarda, siziň okuwa gitmek üçin taýýarlanma wagtyňyzyň bir aýdan sähelçe köplügini aňladýar.

Doly ýazylma

Beýleki ähli talyplar ýaly siz Fransiýa baran badyňyza, okuwa başlamazdan öňürti, ahyrky resminamany: uniwersitetde administratiw we pedagogik bölüm açýan doly ýazylmany resmileşdirmeli.

Şondan soň siziň okamaly okuw jaýyňyz size okaýandygyňyz baradaky resminamany we talyp şahsyýetnamasyny berer. Bu iki dokument hukuk taýdan siziň talyp statusyňyzy tassyklaýar. Köplenç ýagdaýda ýazylma tölegleri doly tölenenden soň bu iki resminama gönüden göni talybyň eline berilýär.

Çap edilen 04/08/2015

Sahypanyň ýokarysy