Fransiýa Türkmenistanda
fontsizeup fontsizedown
accueil » Ilçihana » Ilçi

Fransiýanyň daşary ýurtdaky Ilçisi (ýa-da halkara guramadaky hemişelik wekili) Ministrleriň maslahatynda Daşary işler ministriniň teklibi boýunça Respublikanyň Prezidenti tarapyndan bellenýär. Bu « hökümet çözgüdinde ýokary wezipeleriň » biridir.

Ilçi postynda Döwletiň häkimiýetini dolulygyna ýerine ýetirýär. Ol bolýan ýurdunda Fransiýanyň ýurtda bähbidini göz öňüne tutýan ähli zatlara jogap berýär. Ministrlik ony bu wekilçiligi ýerine ýetirmekde ugrukdyrmaga çalyşýar.

Ministrler maslahaty tarapyndan bellenenden soň geljekki Ilçi ugraýan ýurdunyň agremanyny almalydyr. Diňe şondan soň onuň bellenendigi mälim edilýär we çap edilýär. Iş ýerine gelenden soň ony Daşary işleri ministri, soňra Döwlet Baştutany kabul edýär we ol özüniň bellenendigi baradaky Respublikanyň Prezidentiniň hatyny oňa gowşurýar. Hut şu hata « ynanç hatlary » diýilýär (hemişe köplük sanda). Şeýlelik-de ol akkreditlenýär we bolýan ýurdunyň häkimiýetleriniň haýsydyr bir basyşyndan goraýan halkara hukugy tarapyndan garantiýa berilen immunitetden we ýeňilliklerden peýdalanýar.

Jenap Kristian Löşerwy, Türkmenistandaky Fransiýanyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi 2006-njy ýylyň 3-nji awgustynda ynanç hatlaryny gowşurdy.

1963-nji ýylyň oktýabr aýynyň 1-ne dogulan

- Sowetologiýa doktorlyk dissertasiýasy
- Prikladnoý ykdysadyýeti diplomy
- Halkara gatnaşyklary diplomy
- Ösüş we açlyga garşy göreş katolik komiteti (1985-91)
- Halkara we strategiki gatnaşyklary institutynyň baş sekretarynyň kömekçisi (1991-92)
- Goranmak ministrliginiň Strategik meseleleri boýunça uprawleniýesinde Aziýa-Ýuwaş okean bölüminiň başlygy (1992-96)
- Goranmak ministrliginiň Strategik meseleleri boýunça uprawleniýesinde Regional soraglary boýunça bölüminiň başlygynyň kömekçisi (1996-97)
- Goranmak ministri A. Rişaryň halkara meseleleri boýunça geňeşçisi (1996-97)
- Gumanitar ugurda ynanylan adamyň kömekçisi
- Daşary işleri ministrliginde gumanitar syýasaty bölüminiň başlygy (2002)
- Günorta-Gündogar Aziýa bölüminiň başlygy (2002-2006)

Liens utiles

Facebook Twitter Google+ Foursquare Youtube Dailymotion Flickr RSS