Ilçiniň fransuz bileleşigine we türkmen dostlara gutlag sözi [fr] [ru]

Hormatly watandaşlar we hormatly türkmen dostlar,

Şu gün irden Fransuz Respublikasynyň Prezidentiniň meniň Türkmenistandaky Fransiýanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly täze ilçisi hökmünde bellenmegimi habar berýän ynanç hatyny Prezident Berdimuhamedowa gowşurmak maňa miýesser etdi.

Biziň ýakyn günlerde baýram etjek bu ýurduň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramy ýylynda maňa Fransuz Respublikasynyň wekilligini ynanylanyna guwanmak bilen ýene, men özüme ynanylan möhüm jogapkärçilige gowy düşünýärin : Bu Fransiýany Ýewropada Türkmenistanyň ýakyn partnýory edýän iki milletiň arasyndaky yzygider ösýän köp sanly hyzmatdaşlyklary uly bolmadyk topara ýolbaşçylyk etmegimde we Pariždäki türkmen kärdeşim bilen ysnyşykly hyzmadaşlykda janlandyrmak.

Fransuz häkimiýetleriniň maňa ynanan ynamyna mynasyp bolmak üçin ähli zady etjekdigime ynandyrýaryn.

Ýaşasyn Fransiýa we ýaşasyn fransuz-türkmen dostlugy !

Fransua Delaus

Çap edilen 20/02/2017

Sahypanyň ýokarysy