Senatyň delegasiýasynyň sapary [fr] [ru]

Şu ýylyň 7-nji sentýabryndan 11 sentýabry aralykda Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň « Fransiýa-Merkezi Aziýa » dostluk toparynyň Başlygy jenap Iw Pozzo di Borgonyň ýolbaşçylygynda, Senator we öňki Ministr hanym Dominik Žilony, Elzas welaýatynyň sebit Maslahatynyň Başlgynyň Birinji orunbasary we Senatory jenap Aňdre Reşary, şeýle hem Senatyň Administratory jenap Mişel Laflaňdry öz içine alýan delegasiýa Türkmenistanda boldy.

Delegasiýanyň programmasy Aşgabatda duşuşyklary, seýle-de Türkmenistanyň Hökümetiniň we Onuň Alyhezreti Prezident Berdimuhamedowyň Ýaşulylar Maslahatynyň ýyllyk sessiýasynyň geçirilmegi mynasybetli Awazada bolmagynda, Awaza bolan sapary öz içine aldy.

Türkmen paýtagtynda fransuz parlamentiniň agzalary, aýratyn hem, Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginde we dürli halkara guramalaryň baş merkezlerinde kabul edildi. Senatorlar fransuz işewür toparynyň wekilleri bilen hem duşuşdylar we fransuz mekdebine baryp gördüler.

Delegasiýa Awazada Fransiýanyň Ilçisi jenap Patrik Paskalyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary we Daşary işleri ministri, Mejlisiň Başlygy, Tebigaty goramak ministri, energetika ministri we Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institunyň rektory bilen duşuşdy.

Duşuşyklaryň dowamynda, aýratyn hem, Klimatyň üýtgemegi meseleleri boýunça Pariž konferensiýasy (COP-21) bilen baglylykda ekologiýa, bilim we akademik hyzmatdaşlyk boýunça soraglar, ykdysady we söwda gatnaşyklary, şol sanda sebit hyzmatdaşlygynyň we orta kärhanalarynyň ösýän roly giňden ara alynyp maslahatlaşyldy.

Delegasiýa we onuň agzalary iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň örän gowydygyna we olaryň mümkinçiliklerine göz ýetirdiler. Parlament diplomatiýasynyň ýardam eden Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýokary derejedäki syýasy dialogy bu gatnaşyklara goşmaça itergi berdi.

JPEG
JPEG
JPEG

Çap edilen 25/08/2016

Sahypanyň ýokarysy