Türkmenistandaky Fransiýanyň Ilçihanasynyň Ykdysady maslahatynyň birinji ýygnagy [fr] [ru]

Türkmenistandaky Fransiýanyň Ilçisi, Jenap Patrik PASKAL, 2014-nji ýylyň noýabr aýynyň 7-ne Ilçihananyň birinji Ykdysady maslahatyny geçirdi.

Ykdysady maslahaty täze organdyr, onuň ähli fransuz diplomatik postlarynda döredilmegini Daşary işleri we halkara ösüş ministrligi isledi. Maslahat Ilçileriň missiýalarynyň biri bolan ykdysady diplomatiýa ýardam etmäge gönükdirilendir.
2012-nji ýylyň awgustynda Parižde geçen Ilçileriň konferensiýasy ykdysady diplomatiýanyň biziň ýurdumyz üçin prioritetligini ýatlatdy. Ilçiler öz meýilnamalaryna ykdysady ugry yzygider girizmäge mandat aldylar. Türkmenistandaky Fransiýanyň Ilçihanasynyň ykdysady maslahaty fransuz şereketlerine türkmen bazarynda netijeliligini ýokarlandyrmakda kömek etmek, gerek ýagdaýynda olaryň administratiw ýa-da normatiw kynçylyklaryny aýyrmak, olar bilen bilelikde ýa-da olar üçin häkimiýetlere başlangyçlary etmek, fransuz teklibini ilerletmek üçin strategiýalar barada olar bilen pikir etmek üçin işleýändir. Bu Türkmenistanda has wajypdyr, bu ýurt bilen Fransiýa ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmegi prioritetleriniň içinde örän ýokarda goýýar.

Ilçiniň ýolbaşçylyk etmegindäki bu Ykdysady maslahat Ilçihananyň regional ykdysady gullugyndan we bu ýurtda işleýän fransuz şereketleriniň ýolbaşçylaryndan ybaratdyr. Bu organ Döwletiň administrasiýasynyň we şereketleriň tagallalarynyň bilelikdäki maksady, Fransiýanyň Merkezi Aziýadaky we dünýädäki ykdysady täsiri üçin işleýär.

Geçen anna güni, 7-nji noýabrda geçen günorta naharyň başynda döredilmegi makullanylan Ykdysady maslahat yzygiderlilikde ýygnak geçirer we onuň içki düzgünnamasynyň şertlerine laýyklykda işlär.

Çap edilen 04/08/2015

Sahypanyň ýokarysy