WIZA [ru]

Fransiýa gelmek isleýän hemme daşary ýurtlylar serhede gelenlerinde düzgüne laýyklykda gelmeginiň maksadyny, pul serişdelerini, ýaşama şertlerini görkezmelidirler. Käbir ýagdaýlarda wiza almak gerekdir. Onuň üçin entek gitmezden öňinçä fransuz konsul gulluklaryna ýüz tutulmalydyr.

Size wiza gerekmi ?

Size wiza gerekdigini, wiza zaprosyny etmegiň prosedurasy barada maglumatlary bilmek üçin, anketany alyň, Daşary işleri ministrliginiň saýtynda Fransiýa gitmek bölümine giriň

Wizanyň bahasy näçe ?

Wiza zaprosy nyrhlary prosedurasyna, ýerli walýutada töleglere degişli maglumatlary geçiriň. Peýdaly salgy :Daşary işleri ministrligi – wiza bahalary

Siziň wiza zaprosyňyzda hökmany suratda aşakdaky dokumentler şu tertipde bolmalydyr :

1. Gol çekilen we datasy goýulan doly doldurylan anketa + 1 kleýlenen surat (3 aýdan köne bolmaly däl, ak fonda, 35*45 mm razmerde, ýüzüň razmeri 20-den 25 mm çenli) + skrepka bilen berkidilen surat (skopka berkidilýän bilen däl) birinji surat bilen birmeňzeş 1 surat bolmaly.

Surata düşmek üçin Magtymguly prospektindäki « Uniwermag » magazininde ýerleşýän fotoatelýe 35 02 95 ýa-da 35 61 55

2. Pasportyňyzyň dolulygyndaky kopiýasy, halkara sahypasy üstünde bolmaly.

3. Original + çakylyk hatynyň 1 kopiýasy / kabul etme şahadatnamasy :

- Iş sapary : Siziň gitmegiňiziň maksadyny, myhmanhanaňyzyň salgysyny, bolýan wagtyňyzyň takyk senelerini, pasportyňyzyň nomerini, familiýaňyzy, sizi çagyrýan kompaniýanyň ähli kordinatalary görkezýän, gol çekilen, senesi goýulan, fransuz dilinde ýazylan çagyryş hatynyň originaly bolmalydyr.

-  Maşgala we hususy sapar : “kabul ediş şahadatnamasynyň » originaly, sizi çagyrýan adamyň ýaşaýan ýeriniň fransuz meriýasy tarapyndan berilen bolup ol biziň gulluklarymyz tarapyndan barlanylmaly we tassyklanmaly. Eger size wiza berilse bu kabul ediş şahadatnamasy serhede baranňyzda gümrük gullugyna gerkezmek üçin size gaýtarylyp beriler.

!Syýahatçylyk sapary : Internetden edilen myhmanhana rezerwasiýasy kabul edilmeýär. Gönüden-göni Fransiýadaky myhmanhanaňyzdan faks boýunça ugradylan tassyklaýjy dokument talap edilýär. Siziň boljak myhmanhanaňyzdaky seneler awiabiletleriňiziň seneleri bilen takyk gabat gelmelidir.

4. Iş ýeriňizden sprawkanyň originaly:

- Iş sapary: Sprawkada siziň familiýaňyz, käriňiz, Fransiýa iş sapary bilen barýandygyňyz baradaky maglumat, şeýle-de siziň saparyňyzyň ähli çykdajylaryny öz üstüne alýandygy baradaky maglumatlar bolmalydyr. Şeýle hem bolýan wagtlaryňyzyň seneleri, familiýaňyz, kabul edýän kompaniýanyň anyk salgylary görkezilmelidir.

- Maşgala we hususy saparlar : sprawkada siziň familiýaňyz, käriňiz, her aýdaky aýlyk hakyňyz, we otpusk seneleriňiz görkezilmelidir.

5. Azyndan 3 aýlyk opesiýalaryň jikme-jik görkezilen bank sçetyňyzyň hatynyň originaly. Sçetyňyzdaky diňe galanyny görkezmek ýeterlik däldir.

6. Ene-ata rugsatnamasy kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar üçin + ene-atalaryň pasportlarynyň kopiýalary.

7. Siziň saparyňyzyň Aşgabatdan Fransiýada barýan ýeriňize çenli we geliş tassyklanan rezerwasiýasylary.

8. Original + Şengen zonasynda Fransiýada bolýan wagtyňyzda gospitallaşdyrma we watana gaýdyp gelme çykdajylaryny üstüne alýan 1 medisina ätiýaçlandyrmasynyň kopiýasy.

Çap edilen 22/10/2014

Sahypanyň ýokarysy