Ykdysady diplomatiýa / Gurluşyk pudagy [fr] [ru]

2015-nji ýylyň 8-nji aprelinde Jenap Ilçi Patrik PASKAL, gurluşyk pudagyna bagyşlanýan serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

JPEG

Buig Türkmen kompaniýasynyň stendiniň ýanynda ol aşakdaky wezipeli adamlar bilen duşuşdy :

- Jenap Şamuhammet DURDYLYÝEW, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy;
- Jenap Myrat Rejepowiç ARTYKOW, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, (gurluşyk, energetika we kommunal hojalygy);
- Jenap Pälwan Gylyçdurdyýewiç TAGANOW, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, (söwda we birža işleri, Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler Birleşigi işleri);

Şeýle hem Fransiýanyň Ilçisi Aşgabatda gurulýan proýektler barada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Hanym Akja Täjiýewna NURBERDIÝEWA bilen pikir alyşdy.

Bu duşuşyklaryň dowamynda Aşgabadyň şäher gurluşyk proýektleri ara alynyp maslahatlaşyldy, esasan hem, fransuz kompaniýasynyň eýýäm gurulan Çandybil prospektine goşmaça taýýarlan proýektleri nazara alyp, Çandybil prospektiniň ösüşi barada gürrüň edildi..

JPEG
JPEG
JPEG

Çap edilen 25/08/2016

Sahypanyň ýokarysy